Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Ýewropa zolagynda nobatdaky duşuşyklara badala berlip, 4 toparçada geçirilen 8 oýunda 35 gol derwezä girizildi.
Agşamyň iň golly oýnunda “H” toparçada Awstriýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda San Marinonyň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 10 gol geçirdi. Gollaryň 4-sini tejribeli hüjümçi Marko Arnautowiç (8, 47, 83, 84), 2-sini Stefan Poş (30, 42), beýlekileri-de Şmid (7), Gregoritç (24), Laimer (45) hem-de Wimbrand (76) öz atlaryna ýazdyrdylar. Duşuşykda esasy düzümde oýna çykan 11 futbolçynyň derwezeçiden galan gola goşant goşup, olar ýa gol geçirdiler ýa-da asist etdiler.
“C” toparçada Daniýanyň milli topary myhmançylykda Belarusyň ýygyndysyndan 6-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda Hýoýlun bilen Dreýeriň hersi 2, şeýle-de, Froholdt bilen Dorgu 1 gezek tapawutlandy.
Şotlandiýa öz meýdançasynda Gresiýany 3-1 hasabynda utdy.
“G” toparçada Niderlandlaryň ýygyndysy myhmançylykda Maltany 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gollaryň 2-sini Gakpo penaltiden (12, 49), beýlekileri-de Reýnders bilen Depaý derwezä girizdi.
“L” toparçada Çehiýa bilen Horwatiýa golsuz deňme-deň oýnady. Garadagy 4-0 hasabynda ýeňen Farer adalarynyň milli topary taryhyndaky az sanly ýeňişleriniň hataryna uly hasaplysyny goşmagy başardy. Farer adalarynyň ýygyndysy taryhynda 3-nji gezek 4 gol aratapawudy bilen ýeňiş gazandy.
“C” TOPARÇA
Belarus – Daniýa: 0-6
Şotlandiýa – Gresiýa: 3-1
“G” TOPARÇA
Finlýandiýa – Litwa: 2-1
Malta – Niderlandlar: 0-4
“H” TOPARÇA
Awstriýa – San Marino: 10-0
Kipr – Bosniýa we Gersegowina: 2-2
“L” TOPARÇA
Çehiýa – Horwatiýa: 0-0
Farer adalary – Garadag: 4-0