Indoneziýa 28-nji martdan başlap, sosial torlarda ýaşy 16-a çenli çagalaryň bellige durmagyna gadaganlyk girizer. Bu barada ýurduň aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ministri Meutýa Hafid habar berdi diýip, “Tempo” portaly ýazýar.
Hafidiň sözlerine görä, başlangyç tapgyrda 16 ýaşdan kiçileriň YouTube, TikTok, X, Bigo Live, Roblox, Instagram, Threads we beýleki platformalardaky akkauntlary ýapylar. Ministriň sözlerine görä, munuň özi sanly adatdan daşary ýagdaýa göreş çäresi hökmünde zerur ädim bolup durýar.
Mundan ozal geçen ýylyň dekabrynda Awstraliýa 16 ýaşdan kiçilere jemgyýetçilik torlaryny peýdalanmagyny gadagan edipdi. Şeýle çäklendirme golaýda Fransiýanyň Milli Assambleýasynda (Milli parlament) hem kabul edilipdi. Sloweniýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Finlýandiýa, Portugaliýa ýaly ýurtlar hem sosial torlaryň kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan ulanylmagyny çäklendirmek ýa-da gadagan etmek barada başlangyç bilen çykyş edipdiler.