PLAT ASIA binagärlik býurosy Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitiniň Baýinkulun etrabynda “Volcano-In” syýahatçylyk merkeziniň gurluşygyny tamamlady. Bu desga “Sähra we wulkanlar” syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup, ol, takmynan, 150 000 ýyllyk taryhy bolan we 100 sany gadymy krateri özünde jemleýän wulkanik düzlükde ýerleşýär.
Binanyň umumy meýdany 3532 inedördül metre deňdir. Bu merkez toprak gatlagy bozulan ýerde guruldy — binagärler topragy durnuklaşdyrmak we onuň mundan beýläk hem weýran bolmagynyň öňüni almak üçin bilgeşleýin eroziýanyň işjeň bolan nokadyny saýlap aldylar. Desga polat binýadyň kömegi bilen ýerleşýän ýerinden galdyrylyp gurlupdyr, bu bolsa onuň toprak bilen gönüden-göni galtaşýan meýdanyny azaldýar.
Bina üç sany tegelek göwrümden we çekimli üçekden ybaratdyr. Üçegiň formasy sähra ýelleriniň täsirini peseltmäge niýetlenendir. Binanyň daşky örtügi metal bilen gaplanyp, aýnalary bolsa ýokary hilli izolýasiýa edilendir, sebäbi bu sebitde gyşyna sowuklyk – 40 °C-ä çenli ýetýär.
Içki gurluşyk bolsa, merkezindäki açyk howlynyň töwereginde guralandyr. Baş koridor binanyň içki perimetri boýunça geçýär. Binanyň içinde sergi galereýalary, kafe, kitap dükany, restoran we dolandyryş otaglary ýerleşýär. Giriş gapysynyň öňünde gelýänler üçin daş düşelen meýdança we gaýanyň içinde köp gatly tomaşaçy orunlary taýýarlanyldy.
Gurluşykda ýerli gurluşyk usullary we materiallary ulanyldy. Bu taslama hem syýahatçylyk, hem bilim bermek wezipelerini özünde jemleýär.