Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da täze möwsüme badalga berlip, çempion “Napoli” myhmançylykda “Serie B”-niň çempiony “Sassuolony” MakTomineý (17) hem-de täze transfer De Bruýneniň (57) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
“Milan” öz meýdançasynda aşaky ligada gelen “Kremoneze” toparyndan 2-1 hasabynda asgyn geldi. Myhmanlardan Baskirottonyň (28) hem-de Bonazzoliniň (61) owadan gollaryna “Milandan” Pawlowiçiň (45+1) goly ýeterlik bolmady. “Kremoneze” topary “Milany” soňky gezek myhmançylykda 100 ýyl ozal, 1925-nji ýylyň oktýabrynda 4-1 hasabynda utupdy.
“Serie A”-daky 600-nji duşuşygy
“Ýuwentus” öz meýdançasynda “Parmany” Dewidiň (59) hem-de Wlahowiçiň (84) gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. Şol hasap “Komo” bilen “Lasionyň” arasyndaky oýunda-da ýer eýeleriniň peýdasyna hasaba alyndy (Duwikas 47, Paz 73). “Roma” Rimde “Bolonýany” Wesliniň 53-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňdi. Bu duşuşykda “Romanyň” täze tälimçisi Jan Piero Gasperininiň “Serie A”-da 600-nji duşuşygy diýlip hasaba alyndy. Ol bu ugurda Mazzone (792), Rokko (747), Trappatoni (689) hem-de Lidholm (635) dagydan soň 5-nji orunda barýar.
1-nji tapgyryň netijeler:
Jenoa – Leççe: 0-0, Sassuolo – Napoli: 0-2, Milan – Kremoneze: 1-2, Roma – Bolonýa: 1-0, Kaliari – Fiorentina: 1-1, Komo – Lasio: 2-0, Atalanta – Piza: 1-1, Ýuwentus – Parma: 2-0, Udineze – Werona, Inter – Torino