Germaniýanyň Nýurnberg şäheriniň ýaşaýjysy Ýozef Kardinal 11 müň garly şardan ybarat bolan kolleksiýany ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Rekord eýesine 1984-nji ýylda ilkinji gezek garly şar sowgat edilipdir. Şondan soňra ol şeýle şarlary ýygnamagy ýüregine düwüpdir. Şondan soňra ol aýaly bilen bilelikdäki gezelençlerinde şarlarynyň sanyny artdyrypdyr. Häzirki wagtda onuň öýündäki tekjelerde we witrinalarda temençe görnüşindäki şarlardan başlap, Kardinalyň boýy bilen deň şarlar hm bar. Olaryň arasynda “Garri Potteriň”, “Ýyldyz söweşleriniň”, gark bolup barýan “Titanigiň” stilindäki tematiki şarlary, “Coca-cola” telefonynyň stilindäki dürli hilli şarlar bar. Olaryň arasynda iň gadymysy 1889-njy ýylda Parižde ýasalan Eýfel diňli aýna şardyr. Döreden kolleksiýanyň gyş bilen baglydygyna garamazdan, rekord eýesi güneşli howany halaýar. “Adamlar garly şarlary gowy görýär, sebäbi olar ideal dünýäni aýdyň we açyk görkezýär. Belki-de hakyky bolmadyk dünýäni… Hut şonuň üçin hem olar bizi diýseň özüne çekýär. Şeýle hem meniň ýaşaýan ýerimde ýagny, Nýurnbergde gar kän ýagmaýar, şonuň üçin men gary has köp öz şarlarymda görýärin” diýip rekord eýesi buýsanç bilen belleýär.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









