12 minutda zarýad berýän enjamyny tanyşdyrdy

100

Hä­zir­ki wagt­da elekt­rou­lag­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gyn­da­ky iň uly päs­gel­çi­lik­le­riň bi­ri zar­ýad be­ri­ji be­ket­le­riň az hem-de zar­ýad ber­me­giň uza­ga çek­me­gi bo­lup dur­ýar. Hy­ta­ýyň “Nio” kom­pa­ni­ýa­sy ba­ry-ýo­gy 12 mi­nut­da 80 gö­te­ri­me çen­li zar­ýad ber­ýän en­ja­my­ny ta­nyş­dyr­dy. “Po­wer Char­ger 3.0” at­ly en­jam äh­li gör­nüş­li elekt­rou­lag­lar zar­ýad ber­mek üçin ni­ýet­le­nip­dir. En­ja­myň 15,6 dýuým­lyk ek­ra­ny ar­ka­ly nä­çe­räk zar­ýad ber­len­di­gi­ni gö­rüp hem-de do­lan­dy­ryp bol­ýar. Bu en­jam­da su­wuk so­wa­dy­jy ul­ga­my ula­ny­lyp­dyr. Şeý­le­lik­de onuň ka­bel­le­ri adat­da­ky­dan in­çe bo­lup, bir eliň bi­len ötü­rip bol­ýar. Şeý­le hem de­giş­li ab­zal­la­ryň gyz­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Tä­ze en­ja­myň gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da ulan­ma­ga taý­ýar edil­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da bol­sa, Hy­ta­ýyň “Xpeng” kom­pa­ni­ýa­sy hem zar­ýad en­ja­my­ny ön­dü­rip­di. Bu en­jam “Xpeng G9” aw­tou­la­gy­na 5 mi­nut­da ber­ýän zar­ýa­dy­nyň 200 ki­lo­metr ýol geç­me­gi­ne ýet­ýän­di­gi mä­lim edi­lip­di. En­jam 15 mi­nut­da bol­sa, elekt­rou­lag ba­ta­re­ýa­sy­ny 80 gö­te­ri­me çen­li dol­dur­ýar.

Da­wut­gel­di Ak­mäm­me­dow, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by