Suwuň aşagyndan magdan gözlener

141

Ýa­po­ni­ýa 2024-nji ýyl­dan baş­lap, deň­ziň düý­bün­den seý­rek duş­ýan mag­dan se­riş­de­le­ri­ni çy­ka­rar. Se­na­gat­da ula­nyl­ýan mag­da­nyň Ýu­waş um­ma­nyn­da­ky ýur­duň Mi­na­mi-To­ri­si­ma ada­sy­nyň go­la­ýyn­dan alyn­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ele­ment­le­riň elekt­rou­lag we gib­rid ulag­la­ryň önüm­çi­li­gin­de peý­da­la­nyl­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Gel­jek ýyl­dan baş­lap, 6 müň metr çuň­lu­ga çen­li su­was­ty mag­da­ny çy­ka­ryp bil­ýän teh­no­lo­gi­ýa iş­le­nip taý­ýar­la­nar. Su­was­ty mag­da­nyň çy­ka­ryl­jak ýe­rin­de aky­myň güýç­lü­di­gi, önüm­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­nyň ze­rur­dy­gy mä­lim edil­di. Ýurt­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nan mak­sat­na­ma­da je­mi 11 sa­ny ma­te­ria­lyň önüm­çi­li­gi­niň art­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Ola­ryň ara­syn­da su­wuň aşa­gyn­dan alyn­jak ele­ment­ler hem bar.

Bä­gül Ýe­ge­no­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by