UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklarynyň çäginde tapgyryň iň uly hasaply ýeňşini Norwegiýanyň çempiony “Bude-Glimt” topary gazandy. Öz meýdançasynda Awstriýanyň çempiony “Şturm Gras” toparynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol geçiren “Bude-Glimt” topary ýaryşyň final tapgyrynyň bosagasyndan ilkinji ullakan ädimi ätdi. Olara ýeňiş getiren gollary Hög (7), Býortuf (10), Saltnes (25), Ewýen (54) hem-de Býowing (79 ö.d.) geçirdi. Şunlukda, 17 ýyldan soň norweg klublarynyň biri UEFA Çempionlar Ligasynyň final tapgyrynda çykyş etmäge golaýlady.
“Reýnjersiň” ýeňlişinden soň 2-nji şotland kluby, ýurduň çempiony “Seltik” topary öz meýdançasynda “Kairat” bilen duşuşyp, golsuz deňme-deň oýnady. Golsuz tamamlanan başga bir duşuşyk Stambulda hasaba alyndy. 12 ýyldan bäri Çempionlar Ligasynyň final tapgyryna çykyp bilmän gelýän “Fenerbahçe” topary öz meýdançasynda “Benfika” bilen golsuz deňme-deň oýnady.
Şeýle-de, “Bazel” bilen “Kopengageniň” arasyndaky 1-nji oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Şweýsar topary Şakiriniň 14-nji minutda penaltiden geçiren goly bilen öňe geçse-de, myhmanlar 45+3-nji minutda Pereiranyň takyk urgusy esasynda hasaby deňledi.
Jogap duşuşyklary 26-27-nji awgustda oýnalar. 28-nji awgustda bolsa UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri, has takygy, gatnaşýan 36 klubuň haýsy 8 topar bilen özara duşuşyk geçirjekdigi belli bolar.