QS 2027 reýtinginde Ýakyn Gündogaryň ýokary okuw mekdepleri rekord goýdy

11

Beýik Britaniýanyň «Quacquarelli Symonds» kompaniýasy dünýä uniwersitetleriniň reýtingini – «QS World University Rankings 2027» sanawyny çap etdi. Bu sanawa 1504 sany ýokary okuw jaýy girizildi. Sanawda ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň uniwersitetleri öňdeligi saklaýar, emma awtorlaryň berýän bahasyna görä, iň güýçli ösüşi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň okuw mekdepleri görkezdi. Bu barada «Kommersant» neşiri habar berýär.
Birinji orny, eýýäm, on bäşinji gezek Massaçuset tehnologiýa instituty eýeledi. Ilkinji onluk hem üýtgemedi: ikinji ýerde Londonyň Imperial kolleji, soňra bolsa Oksford, Garward, Kembrij, Kaliforniýanyň tehnologiýa instituty, Sýurihiň ýokary tehniki mekdebi, Londonyň uniwersitet kolleji we Singapuryň Milli uniwersiteti ýerleşdi. Ilkinji 20-likde Aziýa topary aýratyn tapawutlanýar: Gonkong uniwersiteti, Nanýan tehnologiýa uniwersiteti (Singapur), Pekin uniwersiteti, Sinhua uniwersiteti we Gonkongyň Hytaý uniwersiteti.
QS-iň maglumatlaryna görä, Ýakyn Gündogaryň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda Saud Arabystanynyň Patyşa Fahd adyndaky nebit we minerallar uniwersiteti (63-nji orun), Patyşa Saud uniwersiteti (107-nji orun), Katar uniwersiteti (109-njy orun) we Birleşen Arap Emirliginiň Halifa uniwersiteti (147-nji orun) rekord görkezijileri eýelediler. Şeýle hem ilkinji 20-lige Hytaýyň, Gonkongyň we Singapuryň birnäçe ýokary okuw jaýlary girdi.
Russiýanyň uniwersitetleriniň arasynda iň ýokary netijäni MDU (Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti) görkezip, 115-nji orny eýeledi. Russiýanyň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň «RAEX-100» baradaky 2026-njy ýyldaky reýtinginde bolsa MDU birinji orny eýeläpdi – ol bu sanawda 2012-nji ýyldan bäri öňdeligi saklap gelýär.