Soňky 2 möwsümi Portugaliýanyň “Benfika” klubunda geçiren argentinaly ýyldyz oýunçy, Dünýä Kubogynyň ýeňijisi Anhel Di Mariýa 18 ýyldan soň ilkinji toparyna dolandy. Ol maý aýynda bu habary beripdi. 37 ýaşyndaky oýunçy 2005-nji ýylda professional karýerasyna başlan topary “Rosario Sentral” bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2007-2010-njy ýyllarda “Benfikada”, 2010-2014-nji ýyllarda “Real Madridde”, 2014-15-nji ýyllarda 2015-2022-nji ýyllarda PSŽ-de, 2022-2023-nji ýyllarda “Ýuwentusda” hem-de 2023-2025-nji ýyllarda ýene-de “Benfikada” çykyş eden Di Mariýa şu klublarda 813 oýunda 197 gol geçirdi. Argentinanyň ýygyndysynda-da 145 duşuşykda 31 gezek tapawutlanan Di Mariýa 36 kubok gazanmagy başardy.