UEFA Ýewropa Ligasynda ýarym finala çykan toparlar belli bolup, 2 iňlis kluby iň gowy 4 toparyň arasynda adyny ýazdyrmagy başardy. Ispan toparlaryň ikisi üçin bolsa ýaryş tamamlandy.

Myhmançylykda “Bolonýany” 3-1 hasabynda ýeňen “Aston Willa” öz meýdançasynda garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. Gollary 16-njy minutda Olie Watkins, 26-njy minutda Emiliano Buendia, 39-njy minutda Morgan Rojers hem-de 89-njy minutda Ezri Konsa geçirdi.

Ýaryşdaky beýleki iňlis kluby “Nottingam Forest” öz meýdançasynda “Portony” Morgan Gibbs-Waýtyň 12-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utdy. Duşuşygyň 9-njy minutynda “Portonyň” goragçysy Ýan Bednaregiň gyzyl kart almagy ýeňlişiň esasy sebäpleriniň biri boldy.

Öz meýdançasynda “Seltany” 3-0 hasabynda ýeňen “Fraýburg” myhmançylykda-da garşydaşynyň derwezesinden 3 gol geçirdi. Matanowiçiň (33) hem-de Suzukiniň (39, 50) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňen “Fraýburg” taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlarynda ýarym finala adyny ýazdyrdy.

Öz meýdançasynda deňme-deň oýnan (1-1) “Braga” topary “Betisi” Ispaniýada 4-2 hasabynda utdy. Ýer eýeleri Antoni (13) we Ezzalzuliniň (26) gollary esasynda 2-0 hasabynda öňe geçen “Betis” soňlugy bilen” özüni dürsäp 4 gol geçirdi. Portugal toparyny ýarym finala çykaran gollary Wiktor (38), Karwalýo (49), Horta (53 p) hem-de Gorbi (74) derwezä girizdi.

Şunlukda, ýarym finalda “Braga” bilen “Fraýburg”, “Nottingam Forest” bilenem “Aston Willa” duşuşar. 1-nji duşuşyklar 30-njy aprelde, jogap oýunlary 7-nji maýda geçiriler. “Nottingam Forest” – “Aston Willa” duşuşygy 2008-nji ýyldan soň UEFA-daky ilkinji 2 iňlis klubunyň özara duşuşygy bolar.