20-nji ýanwarda Ýer togalagyny soňky döwrüň iň güýçli magnit tupanlarynyň biri gurşap aldy. Muňa Günde bolan güýçli partlamadan soňra plazmanyň ägirt uly zyňylmagy sebäp boldy. Geomagnit işjeňligi 6–7,5 ball derejesine ýetdi, käbir ýerlerde bolsa sekiz ballyk derejä ýakynlaşdy. Ura.ru neşiri bu günüň nähili geçjekdigi we onuň ynsan saglygyna nähili täsir edip biljekdigi barada habar berýär.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň maglumatlaryna görä, şu gün Günde güýçli partlama bolup, kosmosa gyzgyn plazmanyň uly buludy zyňyldy.
Alymlar plazma urşunyň güýçli geomagnit tolkunlaryny – takmynan, G4 derejesindäki tupany emele getirjekdigini duýdurýarlar. Az-kem ähtimallyk bilen işjeňlik mundan hem ýokary bolup biler, ýöne umuman аlanyňda, bu ýagdaý howa çalşygyna duýgur adamlaryň saglygynyň peselmegine, kellagyrylaryna, ysgynsyzlyga we gaharjaňlyga sebäp bolup biler.
Laboratoriýanyň maglumatlaryna görä, şu gün magnit tupanynyň bolma ähtimallygy 85 göterime barabardyr. Gün radiasiýasynyň akymy 165-e deň boldy. Bu kadadan ýokary görkeziji bolup, Günüň örän işjeňdigini aňladýar.
Maslahat: Magnit tupanlary döwründe lukmanlar köprak suw içmegi, agyr fiziki zähmetden gaça durmagy we kadaly uklamaga maslahat berýärler.
PDF









