Sesden gaty gidýän ýolagçy uçarlary 70-nji ýyllarda peýda bolan hem bolsa, bu uçarlaryň ulanyşdan galanyna köp wagt geçdi. Soňky ýyllarda şeýle uçarlary işläp taýýarlamak üçin dürli kompaniýalar öz taslamalaryny taýýarlaýarlar. Adatdakylardan tapawutlylykda täze işlenip taýýarlanýan howa gämileri wodorod ýangyjy bilen işlär.
Ýewropadan Ýeriň ol çeti hasaplanýan Awstraliýa uçar bilen 20 sagatda baryp bolýar. Şweýsariýanyň “Destinus” atly startapy bu aralygy 4 sagatda geçip bilýän ýolagçy uçaryny öndürmegiň aladasyny edýär. Mihail Kokoriç tarapyndan işlenip taýýarlanan “Destinus” şereketiniň hünärmenleri sesden bäş esseden hem çalt gitjek nusgalyk uçary işläp taýýarlaýar. Bu görkeziji sagatda 6000 kilometr diýmegi aňladýar. Bu tizlik Frankfurtdan Sidneýe dört sagatdan sähel gowrak wagtda baryp boljakdygyny aňladýar. Howa gämisi Londondan Nýu-Ýorka bary-ýogy 90 minutda barar.
Uçaryň ýokary tizlikde gitmegi üçin diňe tehnologiýadan peýdalanylmaz. Howa gämisi ýerden 50 kilometr belentlikden – sürtülmäniň has az ýerinden uçar. Işläp düzüjiler uçaryň diňe wodorod bilen işlejekdigini belleýärler. Bu bolsa, onuň tüsseçykaryndan zyýanly gaz däl-de, diňe bug çykjakdygyny aňladýar.
Kokoriç 7 müň 500 kilometr ýol geçýän 25 ýolagçy orunlyk ilkinji nusgasynyň şu onýyllygyň ahyrynda peýda boljakdygyny belleýär. Soňra bolsa, 100 we köp orunlyk uçarlar işlenip taýýarlanar.
Eýýäm kompaniýa birnäçe synag uçuşlaryny amala aşyrdy. Geçen ýyl Mýunhende “Eiger” atly ikinji nusgalyk uçar şowly ýagdaýda synagdan geçirilipdi.
Begnazar Toýlyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









