Bazar gymmatyna görä, Ýewropanyň iň uly kompaniýasy bolan LVMH dünýäniň iň gymmat brendleriniň ilkinji onlugyna girdi. Lýuks egin-eşikleri satýan kompaniýanyň şu ýylyň birinji çärýegindäki satuwy paýnamasynyň bahasynyň 5 göterim artmagyna getirdi. Ýewronyň gymmatynyň hem artmagy bilen LVMH-niň bazar gymmaty 486 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, LVMH bazar bahasy babatda dünýäniň iň uly onunjy kompaniýasy boldy. Kompaniýanyň bazar gymmaty 500 milliard ýetse, bu sepgide ýeten ilkinji kompaniýa bolar.
“Apple” 2,5 trillion dollar bilen häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat kompaniýasy hasaplanýar.
Ikinji ýerde 2,11 milliard dollar bahasy bilen “Microsoft”, üçünji ýerde 1,9 trillion dollar bilen “Aramco” bar. Dünýäniň iň uly elektroulag kompaniýasy bolan “Tesla”-nyň bahasy 571 milliard dollar bilen 8-nji we “Meta Platforms” 555 milliard dollar bilen dokuzynjy ýerde ýerleşýär.
Begmyrat Arbatow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









