25-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Bu çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýyla at berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Täze ýyly nurana arzuwlar, belent maksatlar, zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny nygtadylar. Diýarymyzyň etraplarynda döwrüň ruhuna kybap gelýän ýylyň şygary boýunça halkymyzyň teklipleriniň öwrenilendigi bellenildi. Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat, etrap we şäher birleşmeleriniň hem-de bölümleriniň işgärleriniňdir agzalarynyň gatnaşmaklarynda maslahatlaryň geçirilendigi aýdyldy. Şolaryň barşynda täze — 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemek boýunça öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Berkarar Watanymyzda ýetilýän sepgitler, ýaýbaňlandyrylan özgertmeler milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasat bilen berk baglanyşyklydyr.

Maslahatda öňe sürlen teklipler boýunça pikir alyşmalar guraldy. Şeýlelikde, halkymyzyň täze ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazarda tutuldy. Uly rowaçlyklara beslenip gelýän täze — 2022-nji ýylyň şygarynyň merdana halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa çykyş edip, Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň, Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň, welaýatlaryň, etrap birleşmeleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatlarda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň bagtyýar ilatynyň, dürli pudaklarda döredijilikli zähmet çekýän hünärmenleriň täze ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmagy teklip edendiklerini aýtdy. Bu şygar bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Maslahatda çykyş edenler öňe sürlen teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny aýdyp, milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda asyrlara barabar beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.