“Pantone” amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň ýylyň reňkini mälim etdi. Ol bulutly ak reňk “11-4201 Cloud Dancer” boldy. Bu barada reňkleriň modasyny kesgitleýän “Pantone” kompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Bu ýumşak, tebigy ak reňk täze başlangyjy we içki rahatlyk duýgusyny alamatlandyrýar diýip, “Pantone”-niň wekilleri düşündirýär. Institutyň direktory Leatris Eýsemanyň aýtmagyna görä, bu öwüşgin bize hemişe bir ýerlere alňasaýan dünýäde “ümsüm, ölçenen oý-pikiriň” gymmatyny görmäge kömek edýär.
Kompaniýanyň direktorynyň orunbasary Lori Pressman reňk saýlananda aýratyn ünsli çemeleşilendigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, açyk ak reňk warianty gaty sap görünerdi we 2026-njy ýylyň esasy ideýasy bolan tebigylygy ýitirerdi.
Ýatlap geçsek, «Pantone» kompaniýays 2025-nji ýylyň esasy reňki hökmünde goňur «17-1230 Mocha Mousse» reňkini saýlapdy. XX asyryň ortalarynda döredilen “Pantone” ulgamy köp wagt bäri global standart bolup gelýär. Kompaniýa her ýyl reňk meýillerini kesgitleýär we onuň kataloglary we sanly ulgamlary moda, dizaýn, çaphana we gözellik pudagynda ulanylýar.