Adamzadyň gündelik durmuşy bilimleri, maglumaty özleşdirmek bilen baglydyr. Adamlar irki döwürden bäri maglumatyň kömegi bilen dürli hojalyk amallaryny ýerine ýetirip gelýärler. Ilki maglumat nesilden-nesle dil üsti bilen geçirilipdir. Daşyň ýüzüne çekilen jandarlaryň, ösümlikleriň we adamlaryň şekilleri hem gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli gelip ýeten gymmatly maglumatlar hasaplanýar. Maglumat adamzat durmuşynda elmydama möhüm rol oýnapdyr. Geçen asyrdan başlap, jemgyýetçilik ösüşiniň we ylmyň, tehnologiýanyň çalt ösmegi netijesinde maglumatyň ähmiýeti has-da ýokarlandy. Gündelik durmuşynyň ähli ugurlarynda diýen ýaly maglumatlar innowasion tehnologiýalar bilen işlemekde ulanylýar.
1992-nji ýylyň 26-njy noýabrynda ilkinji Halkara Maglumat forumy geçirildi. Soňra Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1994-nji ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä Maglumat güni diýip yglan edildi. Şondan bäri hem häzirki wagtda Maglumat güni dünýäniň köp ýurdunda bellenilýär. Maglumat häzirki zaman dünýämizde esasy gymmatlykdyr.
Reýimbaý TÄJIMOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
PDF









