Ýaponiýada dünýäniň iň uly suwüsti ýel turbinasy gurlar

171

Ýa­po­ni­ýa­nyň To­da we Osa­ka uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri dün­ýä­dä­ki iň uly su­wüs­ti ýel tur­bi­na­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ýan­dyk­la­ry ba­ra­da ha­bar ber­di­ler. In­že­ner­ler il­ki 15 MWt elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dü­rip bil­ýän nus­ga­lyk tur­bi­na­sy­ny gur­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. Sy­nag iş­le­ri bir­nä­çe tap­gyr­da ge­çi­ri­ler. Ýel be­ke­di­niň ha­ky­ky nus­ga­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na bol­sa 2025-nji ýyl­da baş­la­nar. Bar­lag to­pa­ry gel­jek ýyl­da su­wüs­ti tur­bi­na­nyň uly göw­rüm­li­si­ni dö­re­der. To­par de­ňiz­dä­ki ýel tur­bi­na­la­ry we de­ňiz teh­no­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça ýö­ri­te­le­şen To­da we Osa­ka uni­wer­si­te­tin­den 10 in­že­ner­den yba­rat­dyr. Işiň bu tap­gy­ry­nyň esa­sy we­zi­pe­si, ýüz­ýän plat­for­ma­da­ky tö­wek­gel­çi­lik­le­ri hem-de ýük­le­ri sel­jer­mek, şeý­le en­jam­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ril­me­gi we elekt­rik ge­çi­ri­ji­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri sel­jer­mek üçin komp­ýu­ter mo­del­le­ri­ni ös­dür­mek­den yba­rat bo­lar.
2024-nji ýyl­da in­že­ner­ler 10 MWt elekt­rik ön­dür­mä­ge ukyp­ly su­wüs­ti tur­bi­na za­wo­dy­ny gu­rar­lar. 2025-nji ýyl­da bol­sa pe­rii­ni uzyn­ly­gy 200 met­re ba­ra­bar bo­lan ýel tur­bi­na­sy­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ol hä­zir­ki su­wüs­ti tur­bi­na­lar­dan üç es­se ön­jeý­li bo­lar. Des­lap­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, şeý­le tur­bi­na 12-15 MWt elekt­rik ön­dü­rip bi­ler.
De­ňiz düý­bü­niň üs­tün­de otur­dy­lan sta­sio­nar ýel tur­bi­na­la­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ýüz­ýän tur­bi­na­la­ry gur­mak we iş­let­mek has gym­mat­dyr. Şeý­le-de bol­sa Ýa­po­ni­ýa­nyň tö­we­re­gin­de ýal­pak de­ňiz­le­riň bol­maz­ly­gy ýüz­ýän ýel tur­bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ze­rur­ly­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Ýa­po­ni­ýa­da su­wüs­ti tur­bi­na­la­ryň ýer­leş­di­riş müm­kin­çi­li­gi, de­ňiz meý­da­nyn­da­ky des­ga­la­ra ga­ra­nyň­da suw meý­da­ny taý­dan üç es­se ýo­ka­ry­dyr.

Dün­ýä­gö­zel Gy­ly­jo­wa,
Türk­me­nis­ta­nyñ In­ze­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyñ mu­gal­ly­my.