Hy­ta­ýyň aw­tou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan BAW kom­pa­ni­ýa­sy bäs­deş­le­rin­den has ar­zan ba­ha­ly pi­kap ula­gy­ny sa­tu­wa çy­kar­dy. “BAW Calo­rie” at­ly ula­gyň ba­ha­sy­nyň 8 müň 270 dol­lar bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Dört ga­py­ly, yzyn­da ýük üçin ni­ýet­le­nen aý­ra­tyn ýe­ri bo­lan ula­gyň daş­ky şe­ki­li ada­ty pi­kap­lar­dan ta­pa­wut­ly däl. Ula­gyň iç­ki di­zaý­nyn­da öň ta­rap­da gör­ke­zi­ji pa­nel bi­len mul­ti­me­di­ýa ul­ga­my­na de­giş­li iki sa­ny LCD ek­ran bar. Ek­ran­la­ryň ulu­ly­gy 10,25 dýuým. Şeý­le hem ula­gyň de­ri bi­len ör­tü­len otur­gyç­ly, yzy­ny gör­kez­ýän ka­me­ra­ly gör­nü­şi hem bar. Ula­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji­si “Wu­ling” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyp­dyr. Ula­gyň mo­to­ry­nyň kuw­wa­ty 144 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lup, göw­rü­mi 2 litr. Ula­gyň dün­ýä­niň haý­sy se­bit­le­rin­de sa­tu­wa hö­dür­len­jek­di­gi hä­zir­lik­çe nä­mä­lim bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Leý­li Er­ne­pe­so­wa, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.