Ýaponiýa bilen ABŞ-nyň şu ýylyň başynda 2nm tehnologiýasyny bilelikde işläp taýýarlajakdygy mälim edilipdi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin işe girişen Ýaponiýa bilelikdäki barlag merkezini döretmek üçin 350 milliard ýen (2,38 milliard dollar) bölüp berer. Barlag merkezi ýarymgeçiriji önümçiligi bilen meşgullanýan ýapon we amerikan kompaniýalary bilen bir hatarda ýokary okuw mekdepleri bilen hem hyzmatdaşlyk eder. Bu hyzmatdaşlygy agzalýan iki ýurtdan hem-de Ýewropadan uniwersitetler gatnaşar. Ýaponiýanyň Tokýo uniwersiteti, Milli ýokary senagat we tehnologiýa instituty we Riken instituty bu hyzmatdaşlyga goşular. Şeýle hem IBM-iň hem goşulmagyna garaşylýar. Täze merkezde 2025-nji ýylyň ikinji ýarymyna çenli 2nm çip önümçilik tehnologiýasynda ulanyljak enjamlary öndürmek üçin ylmy barlag geçiriler.
Merdan Orazmeredow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy
PDF









