3-nji finalynda çempion bolmagy başardy

254

Özbegistanyň paýtagty Daşkent hem Garşy şäherlerinde geçirilen futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa Kubogynda (U23) Saud Arabystanynyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. Araplar Daşkentdäki “Milliý” stadionynda oýnalan finalda ýer eýeleri Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysyndan 2-0 hasabynda üstün çykyp, 5-nji gezek geçirilýän ýaryşda ilkinji ýola kubogy eýelediler. Saud Arabystanyna çempionlyk getiren gollary 48-nji minutda Ahmed Al-Hamdi hem-de 74-nji minutda Firas Al-Buraikan geçirdi. Şeýlelikde, Saud Arabystanynyň ýygyndysy 3-nji finalynda ilkinji gezek ýaşlaryň arasynda Aziýanyň çempiony bolmagy başardy. Olar mundan ozal, 2013-nji ýylda finalda Yrakdan, 2020-nji ýylda-da Koreýa Respublikasyndan asgyn gelipdi.

2018-nji ýylyň çempiony Özbegistanyň ýygyndysy bolsa ilkinji gezek kümüş medala mynasyp boldy. Özbekler 2020-nji ýylda 4-nji ýeri eýeläpdi.

20 güne golaý wagt dowam eden çempionatda 5 futbolçy 3 gol geçirip, iň netijeli futbolçy boldy. Ýöne olardan koreýaly Ço Ýun-wuk şol 3 goly bäsdeşlerine garanyňda az wagtda geçirip, baýraga laýyk görüldi. Çempion toparyň ýarymgoragçysy Aýman Ýahýa çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. Arabystanyly derwezeçi Nawaf Al-Akidi çempionatyň iň ökde derwezeçisi diýlen baýrak bilen sylaglandy.  

Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky duşuşykda Ýaponiýanyň ýaşlar ýygyndysy Awstraliýany 3-0 hasabynda ýeňip (Sato 7, Trewin 39 ö.d., Fujio 63), ilkinji gezek bürünç medala mynasyp boldy.