31-nji ýanwar – Halkara zergärler güni

192

Her ýy­lyň 31-nji ýan­wa­ryn­da, bü­tin dün­ýä­de hü­när baý­ram­çy­ly­gy – Hal­ka­ra zer­gär­ler gü­ni bel­le­nil­ýär. Bu baý­ram­çy­ly­gy dö­ret­mek pi­ki­ri il­kin­ji ge­zek 2002-nji ýyl­da Kost­ro­ma­da ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň “Al­tyn hal­ka­sy” fes­ti­wa­lyn­da ýü­ze çyk­dy diý­lip ha­sap­la­nyl­ýar. 2008-nji ýyl­da Daş­kent­de, ýaş zer­gär­le­riň fes­ti­wa­lyn­da 31-nji ýan­wa­ry Hal­ka­ra zer­gär­ler gü­ni hök­mün­de bel­le­mek ka­ra­ry­na ge­lin­di. Bu se­ne ýan­war aýyn­da zer­gär­le­riň bel­lik­le­ri­ni bel­li­ge al­ýan­dy­gy se­bäp­li saý­lan­dy. Hal­ka­ra zer­gär­ler gü­ni hü­när gur­şa­wyn­da lez­zet bi­len bel­le­nil­ýär. Hü­när­men­ler bi­rek-bi­re­gi gut­la­ýar­lar, tej­ri­be alyş­ýar­lar, şä­girt­ler ha­ly­pa­la­ry­na öz iş­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Tä­ze önüm­le­riň ser­gi­le­ri, zer­gär­çi­lik öý­le­ri­niň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry, us­sat­lyk sa­pak­la­ry ge­çi­ril­ýär. Bu se­ne­de zer­gär­çi­lik dü­kan­la­ry hem müş­de­ri­le­re ar­zan­la­dyş yg­lan edip, baý­ram­çy­ly­ga go­şant goş­ýar­lar.
Zer­gär­çi­lik hü­nä­ri iň ga­dy­my hü­när­le­riň bi­ri­dir. Ga­dy­my Gre­si­ýa şaý-sep­ler sun­ga­ty­nyň dö­rän ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de il­kin­ji ge­zek daş oýu­lyp, gym­mat ba­ha­ly me­tal­lar­dan gym­mat ba­ha­ly daş­lar­dan ýa­sa­lan şaý-sep­ler peý­da bol­dy.
Türk­men­le­riň zer­gär­çi­lik däp­le­ri ga­dy­my wagt­lar­dan baş­la­nyp­dyr. Ma­ta­la­ryň ýü­zü­ne keş­de çek­mek we al­tyn ça­ýy­lan, gym­mat ba­ha­ly daş­lar bi­len be­ze­len, zik­ge­le­nen kü­müş­den taý­ýar­la­ny­lan zer­gär­çi­lik önüm­le­ri şu dä­biň ýü­ze çyk­ma­sy bo­lup dur­ýar. Mil­li zer­gär­çi­lik önüm­le­ri­miz ýa­sa­lyş til­sim­le­ri, ne­pis­li­gi, aň­ry­baş kä­mil­li­gi bi­len gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Gö­zel­lik we­zi­pe­sin­den baş­ga-da, şaý-sep­ler dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, göz deg­me­den go­ra­mak äh­mi­ýe­ti­ne hem eýe­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň zer­gär­çi­lik sun­ga­ty­my­zyň çe­per däp­le­ri­ni do­wam et­dir­mek­de we kä­mil­leş­dir­mek­de alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri esa­syn­da zer­gär­çi­lik eser­le­ri­niň maz­mu­nyn­da mil­li­li­gi­mi­zi, döw­rü­mi­ziň ösü­şi­ni, me­de­ni mi­ra­sy­my­zy wa­gyz et­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da tut­ýan or­nu­nyň äh­mi­ýet­li­di­gi kes­git­le­nil­di we gel­jek­de bu iş­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi wa­jyp­dyr.

Aý­gül HAL­LY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by