Saud Arabystanynyň Kuraýýa oazisinde 3200 ýyl ozal öndürilen nagyşly keramika önümleri taryhdaky ilkinji “brendleriň” irki mysaly hökmünde ýüze çykaryldy. Özboluşly gara-gyzyl reňkleri we durnukly tehnologiýalary bilen tapawutlanan bu gaplar wagtyň geçmegi bilen goňşy sebitlere hem giňden ýaýrapdyr. Alymlar adamlaryň harydy ýörite alamatlary we hiline görä tanap bilendigini belläp, muny häzirki zaman brendinginiň gadymy nusgasy diýip atlandyrýarlar.
PDF








