ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şekili ýerleşdirilen 1 dollarlyk şaýylyk çykaryldy. Döwlet Baştutanynyň heniz wezipede we diri wagty şaýylykda şekillendirilmegi taryhda ilkinji gezek amala aşyryldy. Mis hem-de beýleki garyndylardan ýasalan bu pul ýörite kanunçylyk esaslaryna laýyklykda ýerlenilýär. Şaýylyklaryň 25 sanysy rulonda 61 dollardan, 100 sanysy bolsa haltajykda 154,50 dollardan satylýar.