Tutuşlygyna 3D tehnologiýasyny ulanmak arkaly ýasalan köpri Amsterdamyň meşhur kanallaryndan biri bolan “Oudezijds Achterburgwal”-a oturdyldy. Adaty bolmadyk köpriniň açylyşynda hem ýokary tehnologiýadan peýdalanyldy. Açylyş dabarasynda Niderlandlaryň şa zenany Maksima robot goluň lentany gaýçy bilen kesmegine mümkinçilik berýän düwmä basyp, kasam kabul etdi. “Joris Laarman Lab” hem-de MX3D dizaýn şereketleri tarapyndan taýýarlanan köpri poslamaýan polatdan we adaty metaldan ýasalypdyr. Köpri ýasalanda, MX3D şereketiniň kebşirleýiş maşynlary ulanylypdyr.