Golf boýunça her ýyl geçirilýän 4 uly ýaryşyň biri bolan “The Open Championship” bäsleşiginde amerikaly Skotti Şeffler ýeňiş gazandy. Ol Demirgazyk Irlandiýada 153-nji gezek geçirilen ýaryşda 267 utuk toplap, bu bäsleşikde ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Şunlukda, 29 ýaşyndaky golfçy 4 uly ýaryşyň 3-sinde çempionlyk gazandy. “Masters Tournament”-de 2022-nji we 2024-nji ýyllarda hem-de şu ýyl “PGA Championship”-de çempionlyk gazanan “U.S. Open”-de 2022-nji ýylda 2-nji orny eýeläpdi. Şeffler çempion hökmünde 3,1 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy.

Ýaryşda amerikaly golfçular Harris Iňliş bilen Kris Gotterap 2-3-nji orunlary eýelediler. Olara degişlilikde 1, 759 million hem-de 1,128 million dollar pul baýragy berildi.

Golf sportunyň 4 uly ýaryşy her ýyl aprel aýynda “Masters Tournament” bilen başlaýar. Maý aýynda “PGA Championship”, iýun aýynda U.S. Open, iýul aýynda-da “The Open Championship” geçirilýär. Ilkinji 3 ýaryş ABŞ-da geçirilse, 4-nji bäsleşik Birleşen Patyşalygyň çäginde guralýar. “Masters Tournament” 1934-nji, “PGA Championship” 1916-njy, “U.S. Open” 1895-nji, “The Open Championship” 1860-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bu ýaryşlarda iň köp çempionlyk gazanan golfçy meşhur Jäk Niklaus bolup, 18 uly ýaryşda çempionlyk gazandy. Şeýle-de, diňe 6 golfça 4 ýaryşda-da çempionlyk gazanmak başartdy (Jäk Niklaus, Taýger Wuds, Ben Hogan, Gari Pleýer, Rori MakIlroý, Jin Sarazen).