Türkiýäniň meşhur tälimçilerinden Ýylmaz Wural soňky klubundan hem ugradyldy. 72 ýaşyndaky tejribeli hünärmeniň Stambul şäheriniň klublaryndan “Trendyol 1. Lig”-de, ýagny Türkiýäniň 2-nji ligasynda çykyş edýän “Saryýer” toparyndaky başdangeçirmesi juda gysga boldy. Sentýabr aýynyň ortalarynda toparyň tälimçisi bolupdy. 4 duşuşykda 3 gezek ýeňlip, 1 oýunda ýeňiş gazanan Wural karýerasy boýunça 41-nji gezek bir topardan gaýtdy. “Saryýer” onuň tälimçiliginde “Pendikspordan” hem-de “Amed” toparyndan 2-0 hasaplar bilen asgyn geleninden soň, “Adana Demirspory” 3-0 ýeňipdi. 4-nji duşuşygynda bolsa “Sakarýaspordan” 2-1 hasabynda ýeňildi.
1987-nji ýylda tälimçilik karýerasyna başlan Ýylmaz Wural Dünýäde iň köp kluba tälimçilik eden hünärmenleriň biridir. Ol ählisi Türkiýäniň çäginde 32 dürli kluba tälimçilik edip, olaryň käbirlerinde 2-3 dürli döwürde işledi. Ýylmaz Wuralyň tälimçilik eden klublarynyň arasynda ýurduň 3 uly kluby ýok bolup, olar şulardyr: “Malatýaspor”, “Antalýaspor”, “Samsunspor”, “Bursaspor”, “Karşyýkaka”, “Adanaspor”, “Gaziantepspor”, “Eskişehirspor”, “Saryýer”, “Trabzonspor”, “Gençlerbirligi”, “Konýaspor”, “Dardanelspor”, “Denizlispor”, “Diýarbakyrspor”, “Çaýkur Rizespor”, “Ankaragüjü”, “Manisaspor”, “Kojaelispor”, “Kasympaşa”, “Sakarýaspor”, “Elazygspor”, “Mersin Idmanýurdu”, “Osmanlyspor”, “Karabükspor”, “Adana Demirspor”, “Göztepe”, “Giresunspor”, “Akhisarspor”, “Erzurumspor”, “Ýeni Malatýaspor”, “Menemen FK”.