Ispaniýa iýun-sentýabr aýlary aralygynda 43 million daşary ýurtly syýahatça garaşýar. Ýurduň syýahatçylyk girdejisiniň bolsa, geçen ýyldakydan
10 göterim artyp, 64 milliard ýewro ýetmegine garaşylýar. Ýurduň Senagat we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatyna görä, şu ýylyň syýahatçylyk möwsüminde ýurda barýan myhmanlaryň sany geçen ýyldakydan 6 göterim ýokary bolar.
Ýurtda durmuşa geçirilýän «Turismo
Espaňa 2030» atly maksatnamanyň çäklerinde syýahatçylaryň ýurduň has köp ýerine deňagramly ýaýramagy üçin tagalla edilýär. Bu bolsa, syýahatçylaryň «dyknyşygynyň» öňüni gazanmaga hem-de bu pudakdan has köp girdeji almaga ýardam eder.
Maglumata görä, şu ýylyň ilkinji
5 aýynda Ispaniýa 36 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul edipdir. Bu döwürde syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5 göterim ýokary bolupdyr. Alnan girdeji bolsa, 7,8% artyp, 50,2 milliard ýewro ýetipdir.
Geçen ýyl Ispaniýa 96,8 million daşary ýurtly myhmany kabul edipdi.
PDF









