Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň ýarym finalynyň jogap oýunlarynda 1-nji duşuşyklaryň netijeleri gaýtalandy. Ýöne bu gezek hasaplar ornuny çalyşdy. 1-nji oýunlarda “Atletiko” myhmançylykda “Barselona” bilen 4-4 deňme-deň oýnapdy, “Real” bolsa myhmançylykda “Real Sosiedady” 1-0 ýeňipdi. Bu gezek “Real” bilen “Real Sosiedad” Sen Sebastianda 4-4 deňme-deň oýnady.
Ýarym finalyň jogap duşuşygynda-da bolsa “Barselona” myhmançylykda “Atletikony” 1-0 hasabynda ýeňdi. Katalonlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 27-nji minutda Ferran Torres geçirdi. Şunlukda, 1-nji oýunda-da 4-4 hasabynda deňme-deň oýnan “Barselona” finala çykmagy başardy. Bu olaryň 43-nji finaly bolup, katalonlar kubogy 31 gezek eýelediler. Bu ugurda iň öňde barýan “Barselona” 11 gezegem finalda utuldy.
“Barselona” finalda “Real Madrid” bilen duşuşar. Olar soňky sapar Şa Kubogynyň finalynda 2014-nji ýylda duşuşypdylar we madridliler 2-1 hasabynda ýeňipdi. Iki topar şu wagta 7 gezek Şa Kubogynyň finalynda duşuşdylar. Şolarda “Real” 3, “Barselona” 4 gezek üstün çykyp, kubogy eýeledi.
Finaldaky 8-nji “El Klasiko” boljak Şa Kubogynyň aýgytlaýjy duşuşygy 26-njy aprelde Sewilýa şäherindäki “La Cartuja” stadionynda oýnalar.