Soňky gezek 1982-nji ýylda bu ýaryşa gatnaşan “Aston Willa” çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji uly ädimini ätdi. Myhmançylykda Belgiýanyň “Klub Brýugge” topary bilen duşuşan iňlis kluby soňky minutlarda 2 gol geçirip, 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Eýýäm 3-nji minutda Leon Bailiniň goly bilen öňe geçen “Aston Willa” topary 12-nji minutda De Kuýperiň goluna alaç tapyp bilmedi. Çekeleşikli geçen oýunda derwezeçiler öz ussatlyklaryny görkezdi. Oýnuň 82-nji minutynda sag gyradan geçirilen hüjümçde Brandon Mehele topy ýalňyşlyk öz derwezesinden geçirip, “Aston Willany” öňe saýlady. 6 minutdan soňam eminiň bellän penaltisini dürs uran Marko Asensio oýna soňky nokady goýdy. Asensio klubuň düzüminde soňky 3 oýunda 5 gol geçirdi. Şunlukda, “Aston Willa” myhmançylykda 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 43 ýyldan soň ilkinji gezek çärýek finala golaýlady.
Jogap duşuşygynda kesgitlener
Şeýle-de, tapgyryň deňeçerräk iki toparynyň arasyndaky 1-nji duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. Dortmundyň “Borussiýasy” öz meýdançasynda Fransiýanyň “Lill” topary bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Adeýeminiň 22-nji minutdaky goluna myhmanlar 68-nji minutda Arnar Haraldssonyň goly esasynda hasaby deňledi. Şeýlelikde, iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk deňlikde tamamlandy.