Braziliýanyň çempionaty “Serie A”-da çempion 37-nji tapgyrda belli boldy. Möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda 2-nji ýerdäki “Palmeirasdan” 5 utuk öňde barýan “Flamengo” topary öz meýdançasynda “Seara” toparyndan 1-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 37-nji minutda Samuel Lino geçirdi. Şunlukda, “Flamengo” topary 5 utuklyk aratapawudy saklap, utugyny 78-e çykardy we 5 ýyldan soň Braziliýanyň çempionlygyny gazandy. Bu olaryň umumylykda 8-nji çempionlygy bolup, Rio-de-Žaneýro şäheriniň wekili mundan öň 1980-nji, 1982-nji, 1983-nji, 1992-nji, 2009-njy, 2019-njy we 2020-nji ýyllarda “Serie A”-nyň çempiony bolupdy. “Flamengo” topary çempionlyk gazanmakda “Santos” bilen deňleşip, iki topar 2-nji orny paýlaşýarlar. Braziliýanyň çempionatynda iň köp çempionlygy bolan klub “Palmeiras” toparydyr. Sao-Paulo şäheriniň wekili 12 gezek çempionlyk gazanmagy başardy. Bu ugurda 7 çempionlyk bilen “Korintians” topary 3-nji ýerde barýar.
“Flamengo” topary bu duşuşykdan 5 gün öňem yklymyň iň uly klub ýaryşy bolan Libertadores Kubogyny gazandy. Tälimçi Filipe Luis 14 aýyň dowamynda 5-nji kubogyny asmana göterdi.
PDF









