Ame­ri­ka­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy NBA-da ta­mam­la­nyp bar­ýan ada­ty möw­sü­miň çä­gin­de “Los An­je­les Leý­kers” öz meý­dan­ça­syn­da “Nýu Or­leans Pe­li­kans” bi­len du­şu­şyp, eýe­le­ri 136:115 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri­niň su­per ýyl­dy­zy, 40 ýa­şyn­da­ky LeB­ron Jeýms ta­ry­hy sta­tis­ti­ka ýet­di. Du­şu­şyk­da to­pa­ry­na 34 utuk­lyk go­şant eden Jeým­siň NBA-da ge­çi­ren utuk­la­ry­nyň sa­ny 50 müň­den geç­di 50 müň 33). Ol ada­ty möw­sü­mi hem-de pleý-off tap­gy­ry­ny go­şa­nyň­da 50 müň utu­ga ýe­ten il­kin­ji bas­ket­bol­çy bol­dy. LeB­ron Jeýms 2 ýyl öň few­ral aýyn­da Ka­rim Ab­dul- Jab­ba­ryň re­kor­dy­ny tä­ze­läp (38 müň 387 utuk), ada­ty möw­süm­de iň köp utuk ge­çi­ren oýun­çy ady­ny eýe­läp­di.