Öz wagtynda Italiýanyň “Fiat” kompaniýasynyň ulaglary beýleki ýurtlaryň awtoulag senagaty üçin hem nusgalyk bolupdy. Şol sebäpli “Fiat”-yň we onuň “ýasama” görnüşleriniň muşdagy hem az däl. Kiçi göwrümli bu ulaglar elýeterli bolup, dünýäde millionlarça adamy pyýada ýöremekden halas etdi. Italiýada ýaşaýan Andrea Marazzi hem “Fiat”-yň ölemen janköýerleriniň biri. Ol 1980-nji ýyldan 2003-nji ýyla çenli öndürilen, uzynlygy 3,41 metre, ini 1,49 metre we beýikligi 1,43 metre ýetýän ulagy has-da kiçeldip, gaýtadan ýasapdyr. Şeýlelikde bu ulag bilen Italiýanyň darlygy bilen tanalýan köçelerine arkaýyn girip bilýär. Ini bary-ýogy 50 sm bolan ulaga gapdaldan seredilende, onuň kiçeldilendigini bilip bolmaýar. Jemi 4 milliondan gowragy öndürilen “Fiat Panda”-ny söýüjiler Milanyň 30 kilometr çemesi golaýyndaky Pandino şäherinde yzygiderli duşuşýarlar. Olaryň soňky duşuşygynyň esasy gürrüňi Marazziniň rekord derejede kiçeldilen ulagy boldy. Marazzi ulagy ussatlyk bilen kiçeltmegi başarypdyr. Täze ulagda diňe original ätiýaçlyk şaýlar ulanylypdyr. Kapotyny bolsa, gaýtadan dizaýn edipdir. Dört tigirli ulagy sürüp bolýan hem bolsa, degişli edaralar ulagyň ýol hereketine goşulmagyna ygtyýar berýän resminamany bermändirler.