Günorta Koreýanyň batareýa önümçiligi bilen meşgullanýan “LG Energy Solution” (LGES) kompaniýasy ABŞ-da elektroulaglaryň we energiýa saklaýjy ulgamlaryň önümçiligini ýola goýmak üçin 7,2 trillion won (5,5 milliard dollar) maýa goýum özleşdirer.
Dünýäniň öňdebaryjy batareýa öndüriji kompaniýalaryň biri bolan LGES Arizona ştatynda elektroulaglar üçin 2170 tipli litiý-ion batareýa öýjüklerini öndürýän desga gurar. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 3,2 milliard dollarlyk maýa goýum sarp ediler. Zawodyň önümçilik kuwwaty 27 gigawat/sagat bolar.
Bu ýerde “Tesla” we beýleki kompaniýalar üçin elektroulag batareýasy öndüriler. Desganyň gurluşygyna şu ýyl başlanmagyna we 2025-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
Maksat Orazow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









