Şotlandiýanyň çempionatynda “Seltik” 55-nji çempionlygyny gazandy. 34-nji tapgyrda myhmançylykda “Dandi Ýunaýtedi” Streiniň (30 ö.d.), Künüň (38, 45+3) hem-de Adamyň (47, 58) gollary bilen 5-0 ýeňen “Seltik” möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, 2-nji ýerdäki “Reýnjersden” 17 utuk öňe geçdi. Bassyr 4-nji, soňky 14 ýylda 13-nji çempionlygyny gazanan “Seltik” 55-nji sapar Şotlandiýanyň çempiony bolmagy başardy. Şeýlelikde, “Seltik” bu ugurda köne bäsdeşi “Reýnjers” bilen deňleşdi. “Seltik” bilen “Reýnjers” toparlary Demirgazyk Irlandiýanyň “Linfild” toparyndan soň dünýäniň milli ligalarda iň köp çempionlyk gazanan 2-3-nji toparlarydyr.
“Seltik” toparynyň 33 ýaşyndaky şotlandiýaly ýarymgoragçysy Jeýms Forrest klubdaky 13-si çempionlyk, 26-njy kubogyny gazandy. 2009-njy ýyldan bäri bu toparda çykyş edip gelýän Forrest “Seltigiň” iň köp kubok gazanan futbolçysydyr.
“Seltik” nobatdaky tapgyrda “Reýnjers” bilen duşuşar.