Fransiýanyň Owern sebitinde ýaşaýan Mişel Dupont atly daýhanyň ekin meýdanyndan köp mukdarda altyn tapyldy. Dupont atyzyny gazyp ýörkä, altyn bölejiklerini tapdy. Soňra bolsa, degişli edaralara ýüz tutdy. Geologlar gelip barlanlarynda, ýeriň astynda 150 tonnadan gowrak altyn käniniň bardygyny anykladylar. Bilermenler bu görkezijiniň ýurtda soňky ýyllarda anyklanan iň baý känleriň biridigini belleýärler. Resmi edaralar tebigatyň goralyp saklanmagy bilen bagly barlaglary geçirmegi talap edip, häzirlikçe altyn çykarmaga rugsat bermedi. Ýurtda altyn känlerini işletmek hökümetiň ygtyýaryna degişli.
Ykdysady bilermenler täze tapylan ýatakdan altynyň çykarylmagynyň ýüzlerçe iş ornuny döredip biljekdigini we sebitiň ykdysadyýetine goşant goşjakdygyny belleýärler.