Tennis boýunça möwsümiň 3-nji “Uly tuwulgasy”, dünýäniň iň gadymy tennis bäsleşigi bolan “Wimbledonda” täze çempionlar ýüze çykdy. Tennis ýaryşlarynyň iň abraýlysy hasaplanýan “Wimbledon” bäsleşigi bu ýyl 138-nji gezek geçirildi. Umumy baýrak gaznasy 53 million 530 müň funt sterlinge deň bolan ýaryşda ýekeleýin ýeňijileriň hersine aýratynlykda 3 million funt sterling pul baýragy berildi.
Londonaky merkezi kortda geçirilen zenanlaryň arasyndaky finalda sanawyň 4-nji belgilisi Iga Şwentek bilen 12-nji orundaky amerikaly tennisçi Amanda Anisimowa duşuşdy. Iki tennisçi hem bu ýaryşda ilkinji gezek finalda oýnap, duşuşyk 57 minutda tamamlandy we soňky ýyllaryň iň çalt gutaran final oýny boldy. 24 ýaşyndaky Şwentek 2 setde-de 23 ýaşyndaky garşydaşyny 6:0, 6:0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, Şwentek karýerasy boýunça “Wimbledondaky” ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Bu onuň 6-njy “Uly tuwalgasy” bolup, ol “Fransiýa Açykda” 4 (2020, 2022, 2023, 2024), “Amerika Açykda” 1 (2022) gezek ýeňiş gazanypdy. Ol “Wimbledonda” çempionlyk gazanan ilkinji polşaly tennisçi hökmünde hasaba alyndy.
Şeýle-de, WTA-nyň ýaryşlaryndaky 23-nji kubogyny gazanan Şwentek “Wimbledonyň” finalynda 114 ýyldan soň 2 setde ýeke utuk hem bermän, ýagny 6:0 hasaplar bilen ýeňiş gazanan 2-nji, “Uly tuwalgalarda” bolsa 3-nji zenan tennisçi boldy. Ondan öň “Wimbledon”-da 1911-nji ýylyň finalynda britaniýaly Dorotea Lambert Çambers watandaşy Dora Butbini 6:0 hasaplar bilen ýeňipdi. “Uly tuwalga” ýaryşlarynda bolsa soňky gezek 1988-nji ýylda “Fransiýa Açygyň” finalynda germaniýaly Şteffi Graf belarusly Nataşa Zwerewadan 2 setde ýeke utuk hem ýitirmän çempionlyk gazanypdy.
Şwentek 2018-nji ýylda “Wimbledonda” ýetginjek gyzlaryň arasynda-da çempion bolupdy. Ol “Wimbledonda” hem ýetginjekleriň, hem-de zenanlaryň arasynda çempionlyk gazanan Ann Jons, Martina Hingis, Ameli Morezma hem-de Eşli Barti dagydan soň 5-nji tennisçi diýlip bellige alyndy.
Şwentek finala gelýänçä, 1-nji tapgyrdan ýarym finala çenli degişlilikde, Polina Kudermotowany (Russiýa), Katerina MakNelli, Daniele Kollins (ikisem ABŞ), Klara Tausan (Daniýa), Lýudmila Samsonowa (Russiýa) hem-de Belinda Bençiç (Şweýsariýa) dagyny ýeňlişe sezewar etdi. Ol MakNelliden galan garşydaşlaryny 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy.
Anisimowa bolsa Ýuliýa Putinsewa (Gazagystan), Renata Zarazua (Meksika), Dalma Gafli (Wengriýa), Linda Noskowa (Çehiýa), Anastasiýa Pawlýuçenkowa (Russiýa) hem-de sanawyň 1-nji belgilisi Aryna Sabalenka (Belarus) dagydan üstün çykdy.