Seýrek ýagdaýda hem bolsa, kähalatlarda deňizlerde wulkanyň atylmagy netijesinde ada emele gelýär. Şeýle adalaryň käbiri wagtyň geçmegi bilen ýitýän hem bolsa, käbirinde tebigat janlanyp, ýaşaýyş başlaýar. 1963-nji ýylda Islandiýada emele gelen Sýurtseý adasy hem adamyň goşandy bolmazdan tebigatyň nähili janlanýandygynyň iň gowy mysaly hasaplanýar. Alymlar bu ýerdäki ösümlik dünýäsiniň deňiz pişikleriniň we çarlaklaryň kömegi bilen emele gelendigini belleýärler. Bu ýerde birnäçe ýylyň dowamynda giden bir ekoulgam döräpdir.
1963-nji ýylyň noýabrynda Islandiýanyň günortasynda atylan wulkany ilki gämili aýlanyp ýören balykçylar görüpdir. Wulkan atylyp başlandan birnäçe gün soňra suwuň ýüzünde depe emele gelipdir. Depäniň beýikligi ertesi 10 metre, iki günden soň 40 metre ýetipdir. Iki aýyň dowamynda iň beýik nokady
174 metre, adanyň uzynlygy 1 kilometre ýetipdir. Bu ýerdäki wulkan iki ýyllap läbik pürküpdir. Ýyrtyjy jandarlaryň bolmazlygy adada çarlaklaryň höwürtge ýasamagy üçin amatly şert döredýär.
Ogulsapar BABYLOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.