Dünýäniň 62 ýurdunyň raýatlary Germaniýa wi­za­syz ba­ryp bilerler. 2026-njy ýyl üçin de­giş­li bolan sa­naw­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi hem-de Şen­gen se­bi­tin­den baş­ga 62 ýurt bar. Bu ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry sy­ýa­hat­çy­lyk, işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­nyň­ka myh­man­çy­ly­ga bar­mak ýa­ly mak­sat­lar üçin 180 gü­nüň do­wa­myn­da 90 gün­den gys­ga wagt üçin Ger­ma­ni­ýa ba­ryp bi­ler­ler. Mu­nuň üçin olar­dan wi­za ta­lap edil­mez. Sa­naw­da ABŞ, Ka­na­da, Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk, Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Sin­ga­pur we Ma­laý­zi­ýa bar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Al­ba­ni­ýa, Ser­bi­ýa, Mon­te­neg­ro, Ko­so­wa, Bos­ni­ýa-Ger­se­go­wi­na, De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa, Ar­gen­ti­na, Bra­zi­li­ýa, Ko­lum­bi­ýa, Pe­ru, Pa­rag­waý, Urug­waý hem bar. Sa­na­wa Gon­kong, Ma­kao, Ki­ri­ba­ti, Tu­wa­lu, Mar­şal ada­lary, Pa­lau, Wa­nua­tu, Sa­moa, So­lo­mon ada­la­ry we Gün­do­gar Ti­mor ýa­ly se­bit­le­riň hem-de gu­ry ýer­den uzak­da ýer­leş­ýän ada­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry hem bar. Bu düz­gün di­ňe gys­ga wagt­lyk sa­par­lara degişli bo­lup, iş, okuw we beý­le­ki uzak möh­let­li sa­par­lar üçin wi­za al­mak ze­rur bol­ma­gyn­da gal­ýar.