7 yk­ly­my aý­lan­dy­lar

132

Hin­dis­ta­nyň 2 ra­ýa­ty 3 gün 1 sa­gat 5 mi­nut 4 se­kunt­da 7 yk­ly­my aý­la­nyp, Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na ady­ny ýaz­dyr­dy­lar. Ali Ira­ni we Su­joý Ku­mar Mit­ra 4-nji de­kabr­da Ant­rak­ti­da bar­dy­lar, 7-nji de­kabr­da bol­sa, sy­ýa­ha­ty­ny jem­läp, Awst­ra­li­ýa­nyň Mel­burn şä­he­ri­ne gel­di­ler.
Re­kord­çy­lar bu üs­tün­li­giň is­len­dik wagt tä­ze­den ga­za­ny­lyp bilin­jek­di­gi­ni bel­läp, ge­çi­ren sy­ýa­ha­tyn­dan ho­şal bo­lan­dyk­la­ry­ny bel­le­di­ler.
Mun­dan ozal­ky re­kord 2020-nji ýyl­da goý­lup, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ra­ýa­ty Haw­la al-Ro­mai­ti 7 yk­lym­da bol­mak üçin 3 gün 14 sa­gat 46 mi­nut 48 se­kunt sarp edip­di. Bu sy­ýa­hat­da her ýur­da aý­ra­tyn sy­ýa­hat et­mek däl-de, her yk­lym­da düş­le­mek ýe­ter­lik­dir.

Ahal ARAZ­GEL­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.