Çehiýanyň Brno şäherinde geçirilen Moto GP boýunça möwsümiň 12-nji bäsleşiginde hem Mark Markes ýeňiş gazandy. “Ducati Lenovo” toparynyň ispan sürüjisi 5,4 kilometrlik trassada geçirilen 21 aýlawdan ybarat ýaryşy 40 minut 04.628 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň bassyr 5-nji, möwsümdäki 8-nji, karýerasy boýunça-da 70-nji ýeňşi boldy. Geçen tapgyrda 69-njy ýeňşini gazanyp, italiýaly Jakomo Agostinini yzda galdyran Markesden öňde 89 ýeňşi bolan italiýaly Walentinto Rossi bar.
Çehiýa “Gran Prisinde” 2-nji ýeri “Aprilia” toparynyň italýan sürüjisi Marko Bezzekki eýeläp, ol ýeňijiden 1,753 sekunt yza galdy. “Red Bull KTM” toparynyň ispan sürüjisi Pedro Akosta ýeňijiden 3,336 sekunt soň pellehanadan geçip, münberiň 3-nji basgançagyna çykdy.
Bu ýaryşdan soň utugyny 381-e çykaran Mark Markes 2-nji ýerdäki inisi Aleks Markes bilen aratapawudy 120 utuk açmagy başardy. 3-nji orundaky italiýaly sürüji Françesko Banaianyň 213 utugy bar. 4-5-nji ýerleri-de italiýaly Marko Bezzekki (156) bilen Fabio Di Jannantonio (142) paýlaşýar.
Möwsümiň 13-nji ýaryşy 13-nji awgustda Awstriýanyň Spilberg şäherinde geçiriler.