Orta Ýewropanyň iň uly köli hasaplanýan Balaton uzak wagtdan soňra doňdy. Aşa sowuk howa kölde galyňlygy 6 santimetrlik buz gatlagyny emele getirdi. Sebitde howanyň temperaturasy -10 derejeden hem sowuk boldy. Kölüň golaýynyň ýaşaýjylary we myhmanlary bu pursaty elden bermän, onuň üstünde taýyp oýnadylar. Şeýle-de bolsa, Şantod we Tihan şäherçeleriniň arasyndaky gämileriň gatnawy dowam edýär.
Mundan ozal köl 2017-nji ýylda doňupdy. Meteorologlar howanyň sowamagy bilen buzuň galňap biljekdigini belleýärler.
PDF









