Italiýanyň çempionatynda 25-nji tapgyra badalga berlip, tapgyryň ilkinji duşuşygynda “Torino” öz meýdançasynda “Leççeni” Bellanowa hem-de Zapatanyň gollary bilen 2-0 ýeňdi.

Sanawyň lideri “Inter” öz meýdançasynda iň aşaky orunda barýan “Salernitana” toparyny kabul etdi. Simone Inzaginiň şägirtleri ýakynda tälimçisi Filippo Inzagini (Simone Inzaginiň agasy) wezipesinden boşadan “Salernitana” toparyny 4-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Kem-kemden çempionlyga barýan “Interiň” gollaryny 17-nji minutda Markus Turam, 19-njy minutda Lautara Martines, 40-njy minutda Denzel Dumfirs hem-de 90-njy minutda Marko Arnautowiç geçirdi.

Duşuşykda hasaby açan Markus Turamyň çempionatdaky gollarynyň sany 10-a ýetdi. Ol Ýuri Jorkaýeffden (1996/97) soň “Interde” bir möwsümde 10 gola ýeten ilkinji fransuz futbolçysy boldy.

Çempionatda 18 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Interiň” 2-nji goluny geçiren Lautaro Martines klubdaky 125-nji goluny salyp, ol 124 golly Mauro Ikardiden öňe saýlandy. Ýagny Lautaro Martines “Interiň” düzümindäki iň gol geçiren argentinaly oýunçy boldy.