Fransiýa 26-njy iýulda başlajak tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyny göni ýaýlymda tomaşa edip biljek tomaşaçylaryň sanyny azaltmak barada karara geldi. Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmaneniň bellemegine görä, tomaşaçylaryň umumy sany 300 müň adam bolar. Bu 2022-nji ýyldaky garaşylandan iki esse azdyr, ýöne her niçigem bolsa, Parižde geçiriljek Oýunlaryň açylyş dabarasy taryhdaky iň iri we iň özboluşly dabara bolar. Guramaçylar stadiondaky däp bolup gelýän dabaranyň ýerine, ony Sena derýasynda suw üstünde dabaraly ýöriş görnüşinde geçirmek kararyna geldiler.

Has takygy, Pariždäki dabara stadionda geçirilmeýär. Toparlaryň stadiondaky adaty ýörişiniň ýerine, şol toparlaryň Sena derýasynda suw üstündäki dabaraly ýörişi guralar. Olar, takmynan, 170 gämide derýadan geçerler we ýörişiň ugry Parižiň Keramatly Mariýa ybadathanasy, Luwr muzeýi, Ylalaşyk meýdançasy we Eýfel diňi ýaly meşhur ýerleriň deňinden geçer. Dabaranyň özi Trokadero seýilgähiniň deňinde tamamlanar.

Guramaçylar dabaranyň köp sanly aýratynlyklaryny gizlin saklaýarlar, ýöne dabaranyň režissýory Toma Žolly munuň köp dürli medeniýetlilik babatda üýtgeşik dabara boljakdygyna şübhelenmeýär.