Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Özbegistanyň hemişelik ýaşaýjylarynyň sany 39 million 535 müň 200 adama ýetdi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,8% köp. Maglumatlar şu ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli geçirilen ilat ýazuwyna esaslanýar. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Şu ýylyň ýanwaryndan sentýabryna çenli ýurtda 638 müň 600 adam doglan bolsa, 123 müň 400 adam aradan çykypdyr. Bu bolsa ilatyň 515 müň 200 adam artandygyny görkezýär. Agzalan döwürde 172 müň jübüt goş birikdiripdir, 36 müň 800 jübütiň nikasy bozulypdyr. Ilatyň 21 million 523 müň 800-si ýa-da 54,4 göterimi şäherlerde ýaşaýar, 18 million 11 müň 400 adam (45,6%) oba ýerlerinde ýaşaýar. Ýurduň ilatynyň 20 million 14 müňüsini (50,6%) erkekler , 19 million 521 müň 200-sini (49,4%) zenanlar düzýär.
Iň köp ilatly sebit Samarkant welaýaty bolup galýar, onuň ilaty 4 million 462 müň 800 töweregi. Ondan soň Fergana welaýaty (4,293,000), Daşkent (3,799,100), Kaşkaderýa (3,746,200) we Andijan (3,574,400) gelýär. Daşkentde 3,278,500 adam ýaşaýar. Iň az ilat Syrderýa (965,400) we Nawoi (1,196,600) sebitlerinde ýaşaýar. Ýylyň dowamynda iň çalt ilat ösüşi Surhanderýa welaýatynda boldy (2,2%). Kaşkaderýa welaýatynda we Daşkentde bu ösüş 2,1%, Jizak welaýatynda bolsa 2% boldy. Ilatyň iň pes ösüşi Garagalpagystanda (1,1%) we Nawoi welaýatynda (1,3%) hasaba alyndy.
Ilatyň gürlügi bir inedördül kilometre 88,1 adam boldy, geçen ýyl bolsa bu görkeziji 86,5 adamdy. Ýurtda ilat sany artýan hem bolsa, çaga dogluşy azalýar. Şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda doglan bäbekleriň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 26 müň az bolupdyr. Şeýlelikde, ýurtda çaga dogluş derejesi üçünji ýyl yzly-yzyna pese gaçýar. 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 716 müň 900, 2024-nji ýylda 693 müň 900 we 2025-nji ýylda 664 müň 600 çaga dünýä inipdir.
Goş birikdirýänleriň sany hem 2022-nji ýyldan bäri azalýar, şol ýylyň ilkinji dokuz aýynda 197 müň nika hasaba alnypdyr. Munuň tersine nikasyny bozanlaryň sany 1 müň 400 artypdyr.
PDF








