27-nji oktýabrda Baku şäherinde VII Bütindünýä medeniýetara dialog forumy öz işine başlady. Onuň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Forumyň maksatnamasynda «Gülüstan» köşgünde açylyş dabarasynyň, şeýle hem halkara guramalaryň üçünji ýokary derejeli duşuşygynyň we Baku prosesiniň çäklerindäki altynjy ministrler duşuşygynyň ýörite bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy üns merkezinde medeniýetara dialog, medeni diplomatiýa we parahatçylygy pugtalandyrmak meseleleri durýar. Aýratyn mejlisler sanlylaşdyrma we emeli aň şertlerinde medeniýetara başarnyklary ösdürmäge, umumy geljegi kemala getirmekde medeniýetiň we syýahatçylygyň ornuna, şeýle hem medeniýetara liderlige bagyşlanýar. Şunuň bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynda we ADA uniwersitetinde akademiki forum geçirilýär.

Türkmenistanyň bilim we medeniýet ulgamlarynyň wekilleriniň foruma gatnaşmagy tejribe alyşmaga hem-de bilim, medeniýet we medeniýetara özara düşünişmek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi