Dünýä belli “Argus” nyrh agentligi 2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri” – ITTC 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek öz ýörite mejlisini geçirer. Bu barada “OGUZ Forum | Expo” habar berýär.
Mejlisiň moderatory bolup Argusyň Merkezi Aziýada işewürligi ösdürmek boýunça wise-prezidenti Timur Ilýasow çykyş eder. Kompaniýanyň hünärmenleri halkara haryt-çig mal bazarlaryndaky we Merkezi Aziýadaky esasy ugurlar hem-de baha görkezijileri barada giňişleýin gürrüň bererler. Maslahata başga-da suwuklandyrylan uglewodorod gazy we nebithimiýa, mineral dökünleri hem-de ýangyç bazarlary boýunça hünärmenler gatnaşarlar.
1970-nji ýylda Londonda esaslandyrylan Argus dünýäniň öňdebaryjy garaşsyz nyrh agentlikleriniň biridir. Onuň çig mal söwdasynyň esasy ösen merkezlerinde 32 sany edaralary hereket edýär we 1 500-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Argusyň nyrh kotirowkalary energetikada, çig mal söwdasynda we ulag pudagynda geleşikler üçin görnükli esas bolup hyzmat edýär.
Argusyň maglumatlary Türkmenistanda hem nebitiň, nebit önümleriniň, suwuklandyrylan gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportynyň bahalaryny kesgitlemekde ulanylýar. Nyrh kotirowkalaryny hasaplamagyň usulyýeti bolsa “Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýalaryň halkara guramasynyň” (IOSCO) halkara ýörelgelerine laýyklygy boýunça her ýyl garaşsyz auditden geçirilýär.
ITTC 2026 halkara maslahaty we sergisi 24–26-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Çäre barada giňişleýin maglumat we hasaba alyş ittc-tm.com web-sahypasynda elýeterlidir.
PDF








