Ýurdumyzda şahsy arassaçylyk we ýuwujy serişdeleri öndürýän «Täç hil» kompaniýasy önümçilikde Gün energiýasyny ulanyp başlady.
Kompaniýa zawodyň üçeginde kuwwatlylygy 12 kWt/sagat bolan Gün panelini we 5 kWt/sagat akkumulýator batareýasyny gurnamaga maýa goýýar. Munuň özi «Täç hil» kompaniýasyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bölekleýin geçmäge, elektrik toruna düşýän agramy azaltmaga we daşky gurşawa täsirini peseltmäge mümkinçilik berer.
«Bu taslama Merkezi Aziýanyň telekeçiliginiň durnukly ösüşe bolan ymtylyşynyň mysalydyr» diýip, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) bilermenleri belleýärler. Bu bank ESG maksatnamasynyň çäklerinde kompaniýa maslahat beriş goldawyny hem berýär.
Çeşme: www.tstb.gov.tm