Meş­hur ame­ri­kan aý­dym­çy­sy Teý­lor Swift 2023-nji ýyl­da aý­dym­la­ry iň köp sa­tyl­ýan aý­dym­çy diý­lip yg­lan edil­di. Bu ba­ra­da Fo­nog­ra­ma se­na­ga­ty­nyň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy ha­bar ber­di. In­di aý­dym­çy ze­nan bu de­re­jä ikin­ji ýyl my­na­syp bol­dy. Baý­ra­gyň esas­lan­dy­ry­lan 11 ýy­ly­nyň için­de Teý­lor Swift oňa dör­dün­ji ge­zek my­na­syp bol­dy. Ikin­ji we üçün­ji orun­la­ry bol­sa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­ly SEVEN­TE­EN we “Stray Kids” ýa­ly iki ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler eýe­le­di.
Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da Swift “Ti­me” žur­na­ly­nyň her ýyl­ky yg­lan edil­ýän “Ýy­lyň ada­my” sa­na­wyn­da bi­rin­ji or­ny eýe­läp­di.