2023-nji ýylda Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy bassyr 18-nji ýyl telewizor bazarynyň lideri boldy. Bu barada “Omdia” seljeriş şereketiniň täze hasabatynda mälim edilýär. Maglumatlara görä, 2023-nji ýylda “Samsung” kompaniýasynyň dünýäniň telewizor bazaryndaky paýy 30,1 göterime deň boldy. Geçen ýyl kompaniýa 8,31 million QLED we Neo QLED telewizoryny satdy. 2017-nji ýylda ilkinji QLED telewizorlary öndürilip başlany bäri “Samsung” şeýle enjamdan 44 milliondan gowragyny satdy.
Günorta Koreýanyň kompaniýasy premium-klass telewizorlarynyň segmentinde hem öňdäki ornuny saklady. 2023-nji ýylyň ahyrlaryndaky maglumatlara görä, “Samsung” bu segmentde bazaryň ägirt uly paýyny – 60,5% eýeleýär. Bu 2022-nji ýyldakydan 12,2% köpdür.
2022-nji ýylda OLED telewizorlary ilkinji gezek satuwa çykyp başlany bäri “Samsung” şeýle ekranlardan milliondan gowragyny satyp, bazaryň 22,7 göterimini eýeledi. Kompaniýa şu ýyl ekran diagonaly uly bolan enjamlaryň hasabyna OLED telewizorlarynyň satuwynyň artdyrmagy maksat edinýär.
“Samsung Electronics”-iň TV bölümçesiniň başlygy Ýen Sok U ýakyn ýyllarda kompaniýanyň “Micro LED” ekranly telewizorlary has elýeterli etmegiň üstünde işlejekdigini aýtdy. Ilkinji nobatda, şeýle telewizorlaryň bahasy ekran diagonalynyň kiçeldilmeginiň hasabyna peseldiler.